Geljek hepde Aşgabatda howanyň ortaça temperaturasy +30 gradusdan aşak düşer

  • 25.08.2023 16:24
  • 21k+

Geljek hepdede Aşgabatda howanyň ortaça günlük temperaturasy +30 gradusdan aşak düşer, şenbe güni paýtagtymyzda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar diýip, Gismeteo habar berýär.

Awgustyň soňky günlerinde Aşgabatda maýyl howa höküm sürer: ýekşenbe güni termometriň görkezijileri irden +23, gündiz +29 we agşam +27 gradus bolar. Duşenbe güni açyk howa bolup, eýýäm sişenbe gününden başlap, penşenbe gününe çenli asmanda bulutlar toplanyp başlar. Bu günlerde ýagşyň ýagmagyna garaşylmaýar.
Güýzüň ilkinji günlerinde güneşli howa bolup, howanyň temperaturasy +34-35 gradusa çenli bolar. Muňa garamazdan, howanyň ortaça günlük temperaturasy +25 gradusdan ýokary galmaz.


şu gün 14:57
936

«Birligiň» işläp başlanyna ýaňy 1 aý bolsa-da, ol eýýäm bazary üýtgedýär

«Birlik» platformasynyň işe girizilenine bary-ýogy bir aý wagt geçdi, ýöne ol eýýäm ýurdumyzdaky müňlerçe harytlaryň dolanşygyny bir ýere jemlemegi başardy....

düýn 13:59
6.4k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: 40°С çenli yssy, ýöne ýagyşly

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurtda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.06.2026 14:18
7.8k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...