Kriştianu Ronaldu Täjigistana, Benzema we Neýmar bolsa Özbegistana barar

  • 25.08.2023 15:42
  • 37k+

Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän «Al-Nasr» saud kluby Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda Täjigistanyň «Istiklol», Eýranyň «Persepolis» we Kataryň «Al-Duhail» klublary bilen duşuşar. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň bije çekişligi düýn, 24-nji awgustda Kuala-Lumpurda geçirildi.


Düzüminde Karim Benzema çykyş edýän Saud Arabystanynyň Premýer ligasynyň çempiony «Al-Ittihad» Özbegistanyň AGMK, Eýranyň «Sepahan» we Yragyň «Al-Kuwa» klublary bilen oýnar.
Düzüminde Neýmar çykyş edýän «Al-Hilal» Özbegistanyň «Nawbahor», Eýranyň «Nassanji Mazandaran» we Hindistanyň «Mumbai Siti» klublary bilen duşuşar.
Toparlaýyn tapgyryň duşuşyklary sentýabr-dekabr aýlarynda geçer, toparlar birek-birek bilen öz öýlerinde we myhmançylykda oýnarlar. Pleý-off tapgyryna 16 topar çykar — 10-sy toparlaryň ýeňijisi we «Gündogar» we «Günbatar» zolaklarda ikinji orny eýelän üç sany sany topar çykyş eder.
Final duşuşyklary 11-nji we 18-nji maýda geçiriler.
Belläp geçsek, bu ýaryşda Türkmenistanyň çempiony «Ahal» futbol kluby hem çykyş edýär.


şu gün 14:35
1.2k+

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.2k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.5k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......