AFK Çempionlar ligasynda «Ahalyň» garşydaşlary belli boldy

  • 24.08.2023 16:59
  • 19k+

Türkmenistanyň «Ahal» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji ýyldaky möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy. Şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlige laýyklykda,  «Ahal» «A» toparçada Özbegistanyň «Pahtakor», Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» we BAE-niň «Al-Aýn» toparlary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy.

Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyry 18-nji sentýabrda başlanyp, 13-nji dekabrda tamamlanar. Yklymyň klublaryň arasyndaky iň abraýly ýaryşynyň 1/8 finalyna her zolagyň (Günbatar we Gündogar) bäş toparçasynyň ýeňijileri hem-de her zolakdan toparçada ikinji orny eýelän iň oňat üç topar ýollanma alar.
Ýeri gelende bellesek, AFK Çempionlar ligasy şu möwsümde ilkinji gezek güýz-ýaz görnüşinde geçiriler. Ýaryşyň ýeňijisi 2024-nji ýylda geçiriljek Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna hem-de bu bäsleşigiň indiki möwsümine gatnaşmaga hukuk gazanar.


şu gün 12:06
2.9k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

düýn 19:46
6.8k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.9k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.4k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......