Joan Roulingiň goly bolan Garri Potter baradaky seýrek kitap auksiona çykaryldy

  • 25.08.2023 13:45
  • 6.4k+

Ýazyjy Joan Roulingiň goly bolan “Garri Potter we jadygöýüň daşy” kitabynyň seýrek neşirlerinden biri Beýik Britaniýada auksiona çykaryldy. Söwda gurnaýjylary onuň ahyrky bahasynyň 12 müň funt sterlinge ýetmegine garaşýarlar diýip, MIR24 habar berýär.

Gürrüň “Potteriananyň” ilkinji romanynyň ýazyjynyň goly bolan ýörite neşiri barada gidýär. Hansons auksion öýüniň müdiriniň kömekçisi şeýle kitaplaryň bary-ýogy 15 sanydygyny we olaryň hiç haçan satuwa çykarylmandygyny aýdýar.
Auksionda hödürlenen nusga Glazgodan 26 ýaşly Karina Hauşine degişlidir. Ol ony 2012-nji ýylda Bloomsbury neşirýat öýüniň bäsleşiginde gazanypdyr. 2023-nji ýylda Hauşiniň öýünde ýangyn bolýar, ýöne kitaba zeper ýetmeýär. Bu kitap üçin 8 – 12 müň funt sterling tölenip bilner diýip, The Telegraph ýazýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, auksion 5-nji sentýabrda geçiriler.

düýn 20:25
5.1k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......