Nvidia-nyň operasion girdejisi 1000%-den gowrak, arassa girdejisi — 855% ösdi

  • 25.08.2023 11:14
  • 6.7k+

Nvidia kompaniýasy 2023-nji maliýe ýylynyň ikinji çärýeginiň jemleri boýunça rekord netijeleri yglan etdi.

Ýylyň girdejisi iki esse (101%) artyp, 13,51 milliard dollara ýetdi. Çärýekleýin nukdaýnazardan 88% ösdi.
Arassa girdeji has-da haýrana goýýar, ol çärýekde 6,188 milliard dollar bolup, 843% ösüşi görkezýär! Operasion girdejisi ondanam beter ösdi: 1263% artyp, 6,8 milliard dollar boldy.
Şeýle-de bolsa, bu täsir galdyryjy sanlaryň hemmesi diýen ýaly, esasan, Data Center-iň bölüminiň üstünligi bilen baglanyşyklydyr. Döredijilikli AI-leriň we netijede AI tizlendirijileriniň töweregindäki seslenmeleri göz öňünde tutsaň, bu geň däldir. Bu bölüm, bir ýyl ozal 3,8 milliard bilen deňeşdirilende, 10,3 milliard dollar girdeji getirdi. Deňeşdirmek üçin, oýun ugry bir ýyl ozal 2 milliarddan 2,5 milliard girdeji gazandy.

27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.7k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......