29-njy awgustda Oppo täze eplenýän smartfonyny we sagadyny tanyşdyrar

  • 24.08.2023 17:31
  • 5.8k+

«Oppo» täze «Find N3 Flip» eplenýän smartfonyny we «Watch 4 Pro» akylly sagadyny tanyşdyrjak senesini yglan etdi. Bu barada habar kompaniýanyň Hytaýyň «Weibo» sosial ulgamyndaky sahypasynda peýda boldy.

«Oppo Find N3 Flip» eplenýän smartfony 6,8 dýuýmlyk eplenýän esasy ekran we 3,26 dýuýmlyk daşky ekran bilen üpjün ediler. Täze önümiň işjeňligine flagman çipleriň biri bolan «Snapdragon 8 Gen 2» ýa-da «MediaTek Dimensity 9200» jogap berer, ol 12-den 16 GB çenli göwrümli operatiw ýada eýe bolar. Smartfonyň 50, 8 we 32 megapiksel durulykda üç kamerasy bolar, şeýle hem 67 Wt kuwwaty bolan çalt zarýad beriji bilen üpjün ediler.
Şonuň bilen birlikde, «Snapdragon W5 Gen 1» çipinde işleýän we 2 GB operatiw ýady bolan «Oppo Watch 4 Pro» akylly sagadynyň tanyşdyryljakdygy tassyklandy. Enjam «LTPO AMOLED» displeýi we ýürek urşuny, temperaturany ölçemek we EKG geçirmek üçin dürli datçikler bilen üpjün ediler. «Watch 4 Pro-nyň» batareýasynyň sygymynyň 570 mAs boljakdygy aýdylýar.
«Oppo» täze önümleriniň tanyşdyrylyş dabarasy 29-njy awgustda Hytaýda bolar. Eplenýän telefonyň we täze sagatlaryň Hytaýyň daşynda satylyp-satylmajagy barada heniz habar berilmedi.

düýn 20:25
5.1k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......