Indoneziýada paýtagtyň howasyny arassalamak üçin ýagyş ýagdyrdylar

  • 24.08.2023 12:05
  • 24k+

Indoneziýanyň paýtagty Jakartanyň hapalanan howasyny arassalamak üçin ýurduň ýörite gulluklary ýagyş ýagdyrmaga synanyşdylar. Bu barada Sindo news habarlar agentligi habar berýär diýip, rossaprimavera.ru belleýär.

Indoneziýanyň Milli gözlegler we innowasiýalar agentliginiň howanyň üýtgemeginiň tehnologiýasy barlaghanasynyň ýolbaşçysynyň beýanyna görä, bu operasiýa 19-njy awgustdan 21-nji awgust aralygynda üç günüň dowamynda geçirildi.
Bu işe Milli tebigy betbagtçylyklary dolandyryş agentliginiň, Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentliginiň we Milli gözlegler we innowasiýalar agentliginiň hünärmenleri gatnaşdy. Bu amal bulutlara duz düzümli reagentleri we ýakylmadyk heki sepmek arkaly geçirildi.
Operasiýanyň netijesinde Jakartanyň eteginde ujypsyz ygaly gazanmak başartdy, ýöne, hünärmenleriň baha bermegine görä, bu paýtagtda howanyň hiliniň gowulanmagyna täsir etmedi.
Ýatlap geçsek, 5 – 7-nji sentýabrda Jakartada ASEAN sammiti geçirilmeli. Wakanyň öňüsyrasynda Jakartanyň häkimiýetleri howanyň hapalanma derejesini peseltmek boýunça berk çäreleri görýärler.
Häkimiýetler tarapyndan görülýän çäreleriň arasynda şäher administrasiýasynyň işgärleriniň 75%-iniň uzak aralykdan işe geçirilmegi we işlenip çykýan gazlaryň hapalanma derejesiniň barlagyndan geçmedik ulaglar bilen hökümet kwartalyna girmegiň gadagan edilmegi bar.


24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

07.05.2026 09:20
5.9k+

Indoneziýanyň asmanynda peýda bolan adaty bolmadyk reňbe-reň bulut ýollarda ulaglaryň hereketini togtatdy

Indoneziýada dynç günleri adamlara seýrek duş gelýän reňbe-reň buludy synlamak miýesser etdi, bu bolsa Jonggol sebitinde ulaglaryň gatnawynyň wagtlaýynça togtamagyna sebäp boldy....

24.01.2026 09:44
2.1k+

Indoneziýada dünýäde iň gadymy gaýa suratlary tapyldy

Halkara alymlar topary Indoneziýadaky gowakda gaýanyň ýüzüne çekilen we ýaşy, takmynan, 68 müň ýyla barabar bolan suratlary tapdy. Bu olary ilkidurmuş sungatynyň mälim bolan suratlarynyň iň gadymy nusgasyna öwürýär diýip, Nature žurnaly habar berýär...

13.09.2025 15:41
5.1k+

Kalimantan adasynda meteoritden galan gadymy palta tapyldy

Kalimantan adasynyň Indoneziýa böleginde ýerleşýän Paau obasynda çen bilen bürünç eýýamyna degişli seýrek guýguç şekilli palta tapyldy. Onuň ýaşy takmynan 3000 ýyl töweregi. Radar Banjarmasin gazetiniň habaryna görä, bu artefakt 1983-nji ýylda ýerli ýaşaýjy tarapyndan altyn gözleýän mahaly tötänleýin tapyldy we  jemgyýetçilige indi mälim boldy...