Ýandeks mebel önümçiligi bilen meşgullanar

  • 23.08.2023 20:05
  • 7.5k+

2023-nji ýylyň ahyryna çenli «Ýandex Market-iň» hödürleýän hyzmatlarynyň gerimi kompaniýanyň özi tarapyndan taýýarlanan we öndürilen mebeller bilen giňeler. Bu barada «Kommersant» neşiri habar berýär.

IKEA-nyň Russiýadaky ofisiniň öňki işgärleri önüm öndürmek we «Yandex» mebel markasyny ösdürmek bilen meşgullanarlar. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli hödürlenýän mebelleriň hatarynda, takmynan, 3 müň önüm bolar diýlip garaşylýar.
«Yandex Market-de» hususy markaly diwanlaryň we krowatlaryň eýýäm satuwa çykarylandygy habar berildi. Ýylyň ahyryna çenli katalogda myhman otaglary, aşhanalar we ýatylýan otaglar üçin beýleki mebel görnüşleri hem peýda bolar. Kompaniýa öz önümçiligine degişli mebelleriniň «Yandex Market-de» bölümiň umumy dolanyşygynyň 10 göterimini eýelär diýip umyt edýär.
Mebel önümçiligi esasan rus zawodlarynda amala aşyrylar. Şonuň bilen birlikde, kompaniýa Belarusdan we Hytaýdan öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Hünärmenleriň pikiriçe, uly göwrümli mebel satmak üçin «Yandex Market» logistika kuwwatyny giňeltmeli hem-de gurnama hyzmatlaryny ýola goýmaly bolar.

düýn 10:17
4.7k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.2k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......