31-nji awgusta geçilýän gije Ýerden şu ýylyň iň äpet Dolan Aýyna syn edip bolar

  • 23.08.2023 11:13
  • 25k+

30-njy awgustdan 31-nji awgusta geçilýän gije Ýeriň ýaşaýjylary seýrek astronomiki hadysany – Dolan Aýy synlap bilerler.

Report agentliginiň Bakuwyň döwlet uniwersitetiniň (BSU) Fizika fakultetiniň Astrofizika kafedrasyna salgylanyp habar bermegine görä, şol wagt Aý Ýere has ýakynlaşar.
Aý dolmasy Aýyň Ýeriň daşyndan ellips görnüşinde aýlanmagy sebäpli ýüze çykýar. Belli bir pursatda Aý Ýere iň ýakyn nokatda ýerleşýär, oňa perigeý diýilýär. Şol pille Aý, adaty wagtdaka garanyňda, 14% uly we 30% ýagty görünýär.
30-njy awgustda aşgabat wagty bilen sagat 20:52-de Aý Ýere iň ýakyn nokatda bolar we 31-nji awgustda sagat 06:37-de bolsa doly Aýyň fazasyna girer.
Bu wakalaryň arasy 9 sagat 45 minut bolar. Perigeýde Aýa çenli aralyk 357,181 km-dir. Şonuň üçin 2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda boljak Aý dolmasyny ýylyň iň uly Dolan Aýy diýip atlandyryp bolar.


düýn 11:27
6.3k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......