Täze Moskwiç 6 awtoulagy tanyşdyryldy

  • 22.08.2023 18:15
  • 58k+

Moskwa şäher forumynyň çäginde geçirilýän «Stansiýa Manež» ulag sergisinde «Moskwiç 6» awtoulagy tanyşdyryldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Awtoulag germewiň aňyrsynda ýerleşdirilipdir, penjireleri içi görünmez ýaly reňklenipdir, serginiň işgärleri içini görmek haýyşyny kabul etmeýärler diýlip bellenilýär. Awtoulagyň resmi tanyşdyrylyşynyň haçan boljakdygy heniz mälim edilmedi.
Russiýanyň bazarynda «Moskwiç 6» kysymy üç görnüşde satylar. Başlangyç nusga 136 at güýji bolan hereketlendiriji bilen üpjün ediler, has gymmat nusgalaryndaky hereketlendirijiniň kuwwaty 174 at güýjüne deň bolar.
Ol Hytaýda öndürilýän «JAC A5 Plus» awtoulagynyň birmeňzeş nusgasydyr.

şu gün 08:11
1.1k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.5k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4.2k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......