Samsung hiç hili çarçuwasyz smartfonyny görkezdi

  • 22.08.2023 00:12
  • 22k+

«Samsung Display» kompaniýasy smartfonyň ähli panelini öz içine alýan «All Around Full Screen» atly tutuşlygyna çarçuwasyz ekran konseptini tanyşdyrdy. Surat Hytaýyň «Weibo» sosial ulgamynda ýerleşdirildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

«Samsung» tanyşdyrylyş dabarasynda şeýle ekranly smartfon konseptini görkezdi. Suratda enjamyň mikrofon we dinamik üçin açyk ýerleriniň bardygy, ýöne zarýad beriş portunyň ýokdugy görünýär. Bu «Samsung-yň» geljekki smartfonlarynda simsiz zarýad berijini ýa-da energiýa bilen üpjün etmegiň başga alternatiw usullaryny ulanmagy meýilleşdirýändigini aňladyp biler.
Mundan başga-da, gyralara tarap egrelip gidýän ekran hiç hili çarçuwa ýa-da bölüm bolmazdan, smartfonyň öň tarapyny doly örtýär. Şeýle hem gapdal ýüzleriň işlejekdigi bellenilýär – fiziki düwmeleriň ýerine ses we ýagtylygy sazlamak üçin ekran ulanylar.

Şeýle smartfonyň haçan peýda boljakdygy habar berilmeýär.


25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

23.05.2026 10:37
4.5k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......