Luçano Spalletti Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiligine bellenildi

  • 19.08.2023 17:42
  • 5.4k+

«Napoliniň»  öňki baş tälimçisi Luçano Spalletti Italiýanyň milli ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna bellenildi. Bu barada Italiýanyň Futbol federasiýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

«Spallettini gutlaýarys. Milli ýygynda gowy tälimçi gerekdi we men onuň bu teklibi kabul edendigine örän begenýärin. Onuň höwesi we tejribesi ýakyn aýlarda Italiýa garaşýan kynçylyklary çözmekde aýgytly ähmiýete eýe bolar» diýip, Italiýanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Gabriele Grawina belledi.

Ýatlatsak, Roberto Mançini Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. 58 ýaşly tälimçi 2024-nji ýyla çenli niýetlenen şertnamany ýatyrdy. Onuň ýolbaşçylygynda Italiýanyň topary Ýewro-2020-de ýeňiji boldy we yzly-yzyna 37 oýunda ýeňilmän, dünýä rekordyny goýdy.
Spalletiniň soňky iş ýeri «Napolide» boldy. Tälimçi bilen toparyň prezidenti Aurelio De Laurentisiň arasyndaky gatnaşyk ýaramazlaşdy we ol Seria A-daky möwsüm tamamlanandan soňra topary terk etdi. Onda «Napoli»  33 ýyldan soň ilkinji gezek çempion bolupdy.


düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....