Porýe Getji bilen üçünji söweşe taýýardygyny aýtdy

  • 18.08.2023 16:48
  • 14k+

UFC-niň ýeňil agramda amerikaly söweşijisi Dastin Porýe 2023-nji ýylyň 30-njy iýulynda Solt-Leýk-Sitide (ABŞ) geçirilen UFC 291-de bolan söweşde ýeňşini bellän Jastin Getji bilen üçünji söweşi geçirmek mümkinçiligi barada aýtdy. Muny championat.com ýetirýär.

“Gyssagly ringe dolanmak gerek. Jastin bilen hasabymyz 1-1, geliň, üçünji söweşi Täze Orleanda geçireliň. Men birinji söweşimi onuň dogduk ýerinde geçirdim. Üçünji söweşi meniň ýerimde gurnalyň” – diýip, Porýe “twitterinde” ýazdy.

Porýe bilen Getjiniň birinji söweşi Getjiniň dogduk mekany Arizonada geçirildi, onda Porýe ýeňiş gazandy. Porýe UFC-niň reýtinginde üçünji setiri eýeleýär we ýeňil agram kategoriýasynda UFC-niň öňki çempionydyr. Getji reýtingiň ikinji ornuny eýeleýär, birinji orun bolsa russiýaly söweşiji Islam Mahaçewe degişlidir.


düýn 22:41
1.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
11k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......