PFA-nyň APL-de möwsümiň iň gowy oýunçysy üçin baýragyna dalaşgärler kesgitlendi

  • 18.08.2023 16:27
  • 8.5k+

Professional futbolçylaryň assosiasiýasy (PFA) Angliýanyň Premýer-ligasynyň 2022/2023-möwsüminiň iň gowy oýunçysy üçin abraýly baýraga alty dalaşgäriň adyny yglan etdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Angliýanyň Professional futbolçylaryň assosiasiýasyndan baýraga Kewin de Brýoýne, Erling Holand, Jon Stounz (hemmesi – “Mançester Siti”), Garri Keýn (“Tottenhem”/”Bawariýa”), Martin Edegor we Bukaýo Saka (ikisi-de – “Arsenal”) dalaş edýär.
2021/2022-möwsüminiň jemi boýunça Professional futbolçylaryň assosiasiýasy iň gowy oýunçy hökmünde “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salahy saýlady. Belläp geçsek, şu ýyl möwsümiň oýunçysyna baýrak 50-nji gezek gowşurylar.
2022/2023-möwsüminde Angliýanyň çempiony 89 utuk gazanan “Mançester Siti” boldy. Ikinji orny “Arsenal”, üçünji orny “Mançester Ýunaýted” eýeledi. Dörtlügi 71 utuk bilen “Nýukasl” jemledi.


düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....