«Sewilýanyň» derwezebany Bunu Saud Arabystanynyň klubuna geçdi

  • 18.08.2023 08:22
  • 11k+

Saud Arabystanyna dünýä futbolynyň ýene-de bir ýyldyz oýunçysy ugraýar. Ol «Sewilýanyň» we Marokkonyň milli ýygyndysynyň derwezebany Ýassin Bunu. Bu barada vesti.ru habar berýär.

«Al Hilal» saud kluby Ýassin Bununy toparyna geçirmek hakynda «Sewilýa» bilen ylalaşyk gazandy. Ýakynda 32 ýaşly marokkoly oýunçy 5 ýyllyk şertnama baglanyşar.
Derwezebana şeýle hem «Bawariýa» bilen «Real» klublary hem dalaş edýärdi, emma «Al-Hilal» olardan öňürtdi. Marokkoly derwezebanyň transferi 20 million ýewro barabar bolar. Ýyllyk gazanjy 10 million dollar bolar diýip, championat.com ýazýar.
Ýassin Bunu «Sewilýada» üç möwsüm çykyş etdi. Bu döwürde ol iki gezek Ýewropa ligasyny gazandy. Soňky geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda Bunu iň gowy derwezebanlaryň üçlügine girdi.


düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....