Joşua indiki tutluşygyny Uaýlder bilen geçirmek isleýär

  • 14.08.2023 21:59
  • 14k+

Britaniýaly boksçy Entoni Joşuanyň indiki tutluşygyny amerikaly Deonteý Uaýlder bilen geçirmek isleýändigini onuň promouteri Eddi Hirn habar berdi.

Şenbe güni Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we Halkara boks guramasynyň (IBO) agyr agram derejesinde dünýäniň öňki çempiony bolan Joşua finlandiýaly Robert Heleniusy nokauta giderdi.

«Üç söweşlik meýilnamamyz bar: Helenius, Uaýlder, soňra Taýson Fýury. Biziň maksadymyz şeýle. Onuň (Joşuanyň) Uaýlderi ýeňip biljekdigine ynanýarys. Tutluşygyň geçiriljek senesi hökmünde ýanwar aýyny göz öňünde tutýarys we biz bu sene üçin şertnama baglaşmaga taýyn. Saud Arabystany agyr agram derejesiniň taryhdaky iň iri tutluşyklaryň birini isleýär – biz muňa taýyn»  diýip, Hirn «Matchroom Boxing» ýaýlymyna gürrüň berdi.
«Bu söweşi ýakynda amala aşyryp biljekdigimize begenýärin. Bu boks üçin gowy zat. Biz şol wagty ýatlap, bu ýigidiň hemmeler bilen söweşendigi hakynda pikir ederis. Biziň döwrümizde asla ýeňilmezlik möhüm däl, iň gowy derejäňde söweşmek möhüm» diýip, Joşua belledi.


şu gün 09:52
1.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......