Hytaý tebigy hadysalara gözegçilik etmek üçin niýetlenen emeli hemrasyny uçurdy

  • 13.08.2023 23:35
  • 5.9k+

Ýekşenbe güni Hytaý «Çançžen-3B» raketa-göteriji arkaly tebigy hadysalara gözegçilik etmek üçin niýetlenen «L-SAR4 01» emeli hemrasyny uçurdy. Ol sintezirlenen aperturasy (SAR) bolan dünýäde ilkinji ýokary orbita radiolokasiýa emeli hemrasydyr diýip, RIA Nowosti Hytaýyň milli kosmos müdirligine (CNSA) salgylanyp habar berýär.

Uçuş ýerli wagt bilen 1:26-da Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Syçuan welaýatyndaky Siçan kosmodromynda amala aşyryldy. Uçurylmagyndan birnäçe wagt geçen soň, emeli hemra bellenen orbita üstünlikli baryp ýetdi.
Emeli hemranyň ýurtdaky tebigy hadysalara kosmosdan gözegçilik etmek ulgamyny kämilleşdirer hem-de tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň täsirini peseltmek mümkinçiligini artdyrar.


12.05.2026 07:19
15k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.5k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......