Disney arassa çärýek ýitgisi we 12 mln striming abunaçysynyň azalandygy barada habar berdi

  • 12.08.2023 11:42
  • 5k+

Walt Disney Co. amallary üýtgedip gurmak üçin çykarylan çykdajylar we bir gezeklik hasaplaşyklar sebäpli üçünji maliýe çärýeginde (1-nji iýulda tamamlandy) arassa ýitgini hasaba aldy diýip, Interfax.ru habar berýär. Hasabat döwründe kompaniýanyň arassa ýitgisi geçen ýylyň degişli döwründäki 1,41 mlrd dollar ýa-da paý üçin 0,77 dollar girdeji bilen deňeşdirilende, 460 mln dollar ýa-da paý üçin 0,25 dollar boldy. Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan, girdeji bir ýyl ozalky paý üçin 1,09 dollar bilen deňeşdirilende, paý üçin 1,03 dollar boldy. Disney-iň çärýek girdejisi 4% ýokarlanyp, 22,3 mlrd dollara ýetdi.

Disney+ striming hyzmatynyň abunaçylarynyň sany geçen çärýegiň jemi boýunça üç aý ozalky 157,8 mln abunaçy bilen deňeşdirilende, 11,7 mln birlik azalyp, 146,1 mln boldy. Disney+ hyzmatynyň abunaçylarynyň sany eýýäm üç çärýek bäri azalýar, bu Hindistanda kompaniýanyň kriket boýunça Hindistanyň premýer-ligasynyň oýunlaryny görkezmek hukugyny ýitireninden soň müşderileriň azalmagy bilen baglanyşyklydyr.
Disney-iň media- we güýmenje aktiwlerini birleşdirýän iň uly bölümçesi bir ýyl ozalky 14,1 mlrd dollara garşy 14 mlrd dollar möçberinde girdejini hasaba aldy. Analitikler bu görkezijini 14,3 mlrd dollar derejesinde çaklapdylar.
Tematiki seýilgähleri we kruiz gämilerini dolandyrýan, şeýle-de sarp ediji harytlaryny we wideo oýunlaryny çykarmak bilen meşgullanýan bölümçäniň girdejisi 13% ýokarlanyp, 8,3 mlrd dollar boldy.

düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......