«Virgin Galactic» ikinji täjirçilik maksatly suborbital uçuşyny amala aşyrdy

  • 11.08.2023 18:39
  • 12k+

«Virgin Galactic» kompaniýasy kosmosyň serhedine ikinji täjirçilik uçuşyny amala aşyrdy, 6 adamdan ybarat bolan ekipaž agramsyz gurşawda boldular we Ýere kemçiliksiz dolanyp geldiler.

«VSS Unity» suborbital gämisini göterýän «VMS Eve» uçary Nýu-Meksiko ştatyndaky kosmodromdan asmana göterildi. Kompaniýanyň tehnologiýasyna görä, bilelikdäki uçuşdan soňra «VSS Unity» gämisi göteriji uçardan bölünip aýryldy we ýoluny özbaşdak dowam etdirdi. Ekipaž 188,5 km belentlige çykyp, birnäçe minut agramsyz gurşawda boldy we aşak dolandy.
Ekipaž kompaniýanyň astronawt-instruktoryndan, iki sany uçarmandan, lotoreýadan kosmosa uçmak baýragyny gazanan Karib adalarynyň ýaşaýjysy Antigua Kişa Şahaff, onuň 18 ýaşly gyzy Anastasiýa Meýers, 80 ýaşly britan Jon Gudwin dagydan ybarat boldy. Şeýle hem olardan daşary «VMS Eve» uçarynyň iki sany uçarmany hem bar.
«Virgin Galactic» kompaniýasy birinji täjirçilik maksatly kosmosa uçuşyny iýun aýynda amala aşyrypdy. Kompaniýa ilkinji gezek suborbital uçuşy 2022-nji ýylyň iýul aýynda geçiripdi. Ekipažyň düzüminde kompaniýanyň eýesi, britaniýaly milliarder Riçard Brenson hem bardy. Şondan soň «Virgin Galactic» özüniň dünýäde ilkinji täjirçilik kosmos ýollarydygyny (howa ýollary ýaly) yglan etdi.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....