Neýt Dias bilen Jeýk Pol MMA-nyň düzgünleri boýunça rewanş geçirer

  • 07.08.2023 15:54
  • 8.2k+

UFC-niň öňki söweşijisi Neýt Dias bilen bloger Jeýk Pol boks söweşi tamamlanandan soň garyşyk başa-baş söweş sungatynyň düzgünleri boýunça rewanş geçirmek barada ylalaşdylar. Bu barada fight.ru habar berýär.

“Men ony MMA-a getirmek isleýärin. $10 mln we PFL-de söweş – ine, meniň teklibim. Gel, ähli zadyň adalatly bolmagy üçin MMA-da söweş geçireli. Men bir gezek ýeňdim, indi seniň öz meýdançaňda ýeňiş gazanmak mümkinçiligiň bolar” – diýip, Pol söweşden soň aýtdy.
“Gel, söweşeli. Bu söweşi Real Fight Inc. (Dias tarapyndan esaslandyrylan promouter kompaniýasy) bilen bilelikde öňe süreris. Men islendik biri bilen söweşerin, maňa tapawudy ýok” – diýip, UFC-niň öňki söweşijisi aýtdy.

Ýatlap geçsek, 5-nji awgustdan 6-njy awgusta geçilýän gije Dallasda boks agşamy geçirildi. Esasy söweşde bloger Jeýk Pol bilen ýakynda UFC-de karýerasyny tamamlan Neýt Dias duşuşdy. Söweş üç minutdan on raund formatynda geçirildi. Söweş 10 raund dowam edip, emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Poluň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.


07.06.2026 20:02
6.9k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......