«Türkmenhowaýollary» Kazandan Aşgabada uçuşlarynyň tertibini üýtgetdi

  • 07.08.2023 13:05
  • 31k+

Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň wagtlaýyn togtadylmagy bilen baglylykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 8-nji awgustdan 28-nji awgust aralygynda Kazandan Aşgabada uçuşlarynyň tertibine üýtgeşmeleri girizdi. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Uçuşlaryň tertibiniň üýtgemegi bilen, awiakompaniýanyň Moskwadan uçuşlarynyň ählisi Kazanyň Halkara howa menziline geçirilýär. Eýýäm elinde Moskwadan uçuş üçin bileti bar ýolagçylara olary gaýtadan resmileşdirmek hökman däl — bu biletler şol senelerde Kazandan uçmak üçin hem hereket edýändir.

Kazandan Aşgabada uçuşlaryň täze tertibi:

  • — sişenbe günleri uçuş 22:45, gonuş 03:55 (ertesi gün)
  • — çarşenbe günleri uçuş 22:20, gonuş 03:30 (ertesi gün)
  • — anna günleri uçuş 08:35, gonuş 13:45
  • — şenbe günleri uçuş 17:10, gonuş 22:20

Sagatlar her şäher üçin ýerli wagt görkezilendir.
8-nji awgustdan ýolagçylary Domodedowo howa menzilinden Kazana eltip bermek hyzmaty hem ýatyrylýar. Ýolagçylar Kazanyň howa menziline özbaşdak barmaly bolar.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......