Boksçy Tim Szyu 30-njy sentýabrda WBO-nyň wersiýasy boýunça dünýä çempiony bolar

  • 05.08.2023 11:49
  • 6.9k+

Öňki absolýut dünýä çempiony Konstantin Szyuwyň ogly Tim Szyu söweşsiz 69,9 kg çenli agram derejesinde Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýä çempiony derejesini alar. Karar guramanyň resmi web sahypasynda çap edildi.

Kararda amerikaly boksçy Jermell Çarlo Tszyu bilen söweşmekden boýun gaçyrandan soň WBO-nyň dünýä çempiony derejesinden mahrum ediljekdigi aýdylýar. Szyu bilen boljak bäsleşik Çarlo üçin hökmanydy, ol ady goramak mümkinçiligini saklamak üçin 30-njy sentýabrdan öň geçirilmelidi. Şol gün Çarlo dünýä çempiony derejesinde meksikaly türgen Saul Alwarez bilen söweşer. Ol ringe girip, WBO-nyň dünýä çempiony hökmünde görkezilenden soň, resmi taýdan adyny ýitirer.
1992-nji ýylda ene-atasy göçenden iki ýyl soň Awstraliýada doglan Szyu professional ringe ilkinji gezek 2016-njy ýylyň 17-nji dekabrynda çykdy. Şeýle hem, Halkara boks federasiýasyna (IBF) görä, Awstraliýanyň we Aziýanyň çempiony, Bütindünýä boks geňeşine (WBC) görä, Awstraliýanyň we kontinental Aziýanyň çempiony, WBO-nyň wersiýasyna görä, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çempiony, Bütindünýä boks birleşiginiň wersiýasyna görä, Okeaniýanyň wagtlaýyn çempiony, Arkalaşygyň ýurtlarynyň çempiony, WBO-nyň global guşagynyň eýesi.  
Çarlo 33 ýaşynda, şeýle hem ol Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we Bütindünýä boks birleşiginiň (WBA) wersiýalary boýunça dünýä çempiony. 37 söweşden 35-sinde ýeňiş gazandy (19-sy nokaut bilen), birinde utuldy, amerikaly türgen bilen geçen bir söweşi deňme-deň tamamlandy.


10.03.2026 18:35
4.3k+

Tim Szýu Awstraliýadaky ýaryşda ýeňilmezek Denis Nurja bilen urşar

5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar...

01.03.2026 11:00
7.2k+

Aleksandr Usik Müsür piramidalarynyň ýanynda «kikboksyň şasyna» garşy urşar

Ukrain boksçysy Aleksandr Usik 2026-njy ýylyň ýazynda nederlandly Riko Werhuwene garşy uly söweş geçirer diýip, Ring žurnaly habar berýär. Resmi taýdan "Glory in Giza" diýlip atlandyrylan söweşi 23-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär...

26.02.2026 09:40
6.3k+

Ýeňilmezekleriň söweşi: Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani absolýut çempionlyk ugrunda duşuşarlar

Boks äleminiň iň garaşylýan duşuşyklarynyň biri tassyklandy: ýaponiýaly meşhur boksçylar Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani ikinji iň ýeňil agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda ringe çykarlar...

24.02.2026 17:59
5.6k+

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao şu güýzde rewanş duşuşygyny geçirer

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ikinji gezek duşuşar. Söweş Las-Wegasdaky Sphere arenasynda geçiriler, Netflix striming hyzmaty bolsa söweşi göni ýaýlymda görkezer. Habar berlişine görä, bu tutluşyk soňky ýyllarda iki boksçynyň gatnaşan görkezme söweşlerinden tapawutlylykda, professional boks duşuşygy bolar...