Mahaçew «Ýylyň söweşijisi» adyna eýe bolup biler

  • 04.08.2023 12:25
  • 10k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýeňil agram derejesiniň çempiony Islam Mahaçew «World MMA Awards» halkara baýragyna hödürlenýär. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

«Ýylyň söweşijisi» baýragyna dalaşgärlige russiýaly söweşiji bilen bir hatarda, angliýaly Leon Edwards, amerikaly Aljameýn Sterling, täze zelandiýaly Israel Adesanýa we şwesiýaly Sadibu Saý hödülenýär. Mundan başga-da, Mahaçewiň «UFC 284» ýaryşynda awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski bilen tutluşygy «Ýylyň tutluşygy» baýragyna, braziliýaly Çarlz Oliweýra garşy tutluşykda ulanan bogmak emeli bolsa «Ýylyň tilsimi» baýragyna hödürlendi.


07.06.2026 20:02
7.3k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......