"Mançester Ýunaýted" APL üçin rekord bolan hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy

  • 02.08.2023 11:03
  • 9.7k+

Germaniýanyň sport harytlaryny öndürijisi adidas AG Angliýanyň "Mançester Ýunaýted" futbol kluby bilen 10 ýyllyk hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy

Şertnamanyň bahasy 900 mln funt sterling ($1,16 mlrd), ýagny ýylda 90 mln funt bilen bahalandyrylýar diýlip, klubuň metbugat relizinde aýdylýar. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.
Bu Angliýanyň çempionatynyň taryhynda rekord derejeli uly şertnamadyr diýip, "Daily Mail" ýazýar.
Şertnama 2035-nji ýylyň iýun aýyna çenli hereket eder. 2025-nji ýylda möhleti tamamlanýan häzirki şertnama boýunça, iňlis kluby adidas-dan ýylda 75 mln funt alýar.
Şeýle-de, "Daily Mail" "Mançester Ýunaýtediň" tomusky transfer penjiresinde ýakyn günlerde "Atalantanyň" daniýaly hüjümçisi Rasmus Hýoýlunny 72 mln funta satyn almak bilen birlikde, takmynan, 180 mln funt sarp etjekdigini habar berýär.
Ýylyň başyndan bäri kluba eýeçilik edýän kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 3% peseldi, adidas-yň bazar bahasy bolsa 40% ýokarlandy.


düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....