Terens Krouford dünýäniň boks boýunça absolýut çempiony boldy

  • 31.07.2023 09:44
  • 9.4k+

Amerikaly boksçy Terens Krouford 12 raundlyk söweşde watandaşy Errol Spensi ýeňdi. Report agentliginiň habar berşi ýaly, ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçirilen söweş dokuzynjy raundda nokaut bilen tamamlandy.

35 ýaşly Krouford 66,68 kg çenli agram kategoriýasynda absolýut dünýä çempiony boldy. Ol Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) titulyny gorady we öň Spense degişli bolan Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) titullaryny aldy. Krouford WBO-nyň guşagyny 2018-nji ýyldan bäri saklaýar, ol ony ýedinji gezek gorady.
Krouford üçin bu ýeňiş professional karýerasynda 40-ynjy boldy (31-isi nokaut bilen). Ol bir gezek hem ýeňilmedi. 33 ýaşly Spens üçin bu ýeňliş karýerasynda 28 ýeňiş bilen (22-isi nokaut bilen) ilkinji boldy. Ol 2017-nji ýyldan bäri IBF-niň, 2019-njy ýyldan bäri WBC-niň, 2022-nji ýyldan bäri WBA-nyň guşagyny saklaýardy.
Häzirki wagtda professional boksda diňe dört adam absolýut dünýä çempionlarydyr. Terens Krouforddan başga-da, bular Dewin Heýni (ABŞ, 61,23 kg çenli), Jermell Çarlo (ABŞ, 69,9 kg çenli) we Saul Alwares (Meksika, 76,2 kg çenli).


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......