Getji UFC 291-iň esasy söweşinde Porýeni aýak bilen nokauta gidirdi

  • 31.07.2023 09:43
  • 19k+

Amerikaly söweşiji Jastin Getji Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) 291-nji belgili ýaryşynyň esasy söweşinde watandaşy Dastin Porýeden üstün çykdy. Söweş ikinji raundyň başynda Getjiniň Porýeni aýagy bilen nokauta gidirmegi netijesinde tamamlandy.

Bu söweş rewanş söweşi boldy. Birinji gezek amerikaly söweşijiler 2018-nji ýylda ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde geçirilen UFC on Fox 29 ýaryşynda duşuşdylar. Şonda Porýe dördünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanypdy.
Getji Porýe bilen söweşden öň, 2023-nji ýylyň mart aýynda Azerbaýjanyň wekili Rafael Fiziýewden üstün geldi, ol ýeňşi emin agzalarynyň tapawutly karary bilen gazandy. Indi onuň hasabynda 25 ýeňiş bilen dört ýeňliş bar.
Öň, Porýe watandaşy Maýkl Çendlerden üstün çykypdy, söweş 2022-nji ýylyň noýabr aýynda geçirildi. Indi Porýeniň hasabynda 29 ýeňiş bilen sekiz ýeňliş bar.


düýn 18:18
3.4k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......