Toni Fergýuson yzygider altynjy söweşinde ýeňlişe sezewar boldy

  • 31.07.2023 09:43
  • 13k+

Meşhur amerikaly söweşiji Toni Fergýuson Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) Sol-Leýk-Siti amerikan şäherinde geçirilen 291-nji belgili ýaryşynda watandaşy Bobbi Grinden ýeňildi.

Söweş ýaryşyň esasy sanawynyň çäklerinde geçirildi we Griniň üçünji raundda demikdiriji usul arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.
Fergýuson üçin bu ýeňliş eýýäm yzygider altynjy boldy. Bu söweşden öň, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ol Neýt Diaza garşy söweşip, sambişn arkaly ýeňildi. Indi onuň hasabynda 35 söweş bolup, olaryň 26-sy ýeňiş bilen tamamlandy, dokuz söweşde ol ýeňildi.
Grin karýerasynda 45 söweşe gatnaşyp, şolaryň 30-ysynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, onuň hasabynda 14 ýeňliş bar. Söweşiji 2022-nji ýylyň fewral aýynda ýeňil agramda häzirki çempion Islam Mahaçewden ýeňilmek bilen başlanan ýeňlişsiz tapgyryny kesdi. Şol söweşden bäri ol Drýu Doberden hem ýeňildi, Jared Gordon bilen söweşi bolsa geçirilmedik diýlip kesgitlendi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......