Hytaýly Sin Haýýan 200 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy

  • 30.07.2023 10:06
  • 14k+

Hytaýly ýüzüji Sin Haýýan Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde geçirilen sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça dünýä çempionatynda 200 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde altyn medal gazandy we dünýä rekordyny goýdy.

Türgen jemleýji ýüzüşde 2 minut 5,48 sekunt netije görkezip ýeňiş gazandy. Öňki dünýä üstünligi 2022-nji ýylyň maý aýynda Awstraliýanyň çempionatynda rekord goýan awstraliýaly türgen Zak Stableti-Kuka degişlidir. Şol gezek türgen bellenen aralygy 2 minut 5,95 sekuntda geçipdi.
24 ýaşly Sin Haýýan dördünji gezek dünýä çempiony boldy. Şeýle hem, beýleki üç medaly häzirki dünýä çempionatynda 50 metr we 100 metr aralyga ýüzmekde, şeýle hem 4x100 metr aralyga estafetada gazandy.


05.05.2026 17:34
9.3k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.6k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......