Futbol boýunça ABŞ-niň milli ýygyndysy rekord goýdy

  • 27.07.2023 19:13
  • 17k+

Täze Zelandiýada zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň ABŞ-niň we Niderlandlaryň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, amerikanlar erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatlarynda yzygiderli ýeňlişsiz duşuşyklarynyň sany boýunça rekordyň eýesi boldular.

Häzirki wagtda ABŞ-niň zenanlar ýygyndysy dünýä çempionatynda yzygiderlilikde 19 oýun bäri ýeňilmedi.
Zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionaty – 2023 20-nji iýuldan 23-nji awgust aralygynda Awstaraliýada we Täze Zelandiýada geçirilýär. Bu ýaryşa ilkinji gezek 24 däl-de, 32 sany ýygyndy gatnaşýar. Dünýäniň häzirki çempiony hem ABŞ-niň milli ýygyndysydyr. Amerikalylar 2015-nji we 2019-njy ýyllardaky öňki dünýä çempionatlarynda hem ýeňiji bolupdylar. Şeýle-de olara dünýä çempionatynda bir oýunda iň köp pökgi geçirmek rekordy hem degişlidir: geçen çempionatda olar Tailandyň milli ýygyndysyny 13:0 hasabynda ýeňipdiler.


şu gün 15:58
2.5k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
2.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.7k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
7.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......