Coca-Cola II çärýekde girdejisini 6% ýokarlandyrdy

  • 27.07.2023 19:04
  • 6.1k+

Dünýäde iň uly alkogolsyz içgileri öndüriji bolan Coca-Cola Co. amerikan kompaniýasy 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde arassa girdejisini 34%, girdejisini 6% ýokarlandyrdy.

Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, aprel-iýun aýlarynda onuň arassa girdejisi geçen ýylyň ikinji çärýegindäki 1,905 mlrd dollar ýa-da paý üçin 0,44 dollar bilen deňeşdirilende, 2,547 mlrd dollar ýa-da paý üçin 0,59 dollar boldy diýip, interfax.ru belleýär.
Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan, girdeji 11%, paý üçin 0,78 dollara çenli ýokarlanyp, analitikleriň paý üçin 0,72 dollar derejesindäki ortaça çaklamasyndan ýokary boldy.
Kompaniýanyň çärýek girdejisi bir ýyl ozalky 11,325 mlrd dollara garşy 11,972 mlrd dollar boldy. Geçen çärýek girdejiniň organiki ösüşi 11% boldy.
Coca-Cola-nyň girdejisi Demirgazyk Amerikada 8%, Latyn Amerikasynda 21% ýokarlandy. EMEA sebitinde (Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Afrika) we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde görkeziji üýtgemedi diýen ýaly.
Gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň, şeýle-de şireli suwlaryň, süýtli içgileriň we ösümlik esasly içgileriň satuwy düýpli üýtgemedi. Suwuň, sport içgileriniň, kofeniň we çaýyň satuwy bir ýyl ozalky derejesinde galdy.
Coca-Cola 2023-nji ýylda girdejiniň organiki ösüşi baradaky çaklamasyny 7-8%-den 8-9%-e çenli, paý üçin düzedilen girdejini 7-9%-den 9-11%-e çenli ýokarlandyrdy.
Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 2,1% pese düşdi.

düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......