Ýaponiýaly boksçy Inoue dördünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

  • 26.07.2023 21:25
  • 13k+

Ýaponiýaly Naoýa Inoue 55,22 kilograma çenli agram derejesinde Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýäniň çempiony diýen adyna eýe boldy. Ol sişenbe güni Tokioda geçirilen 12 raundly ýaryşda amerikaly Stiwen Fultony 8-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.

Inoue tizliginde garşydaşyndan öňe geçdi we ringde güýji rüstem gelip, her tapgyrda ýeňiş gazandy. Fulton uzak wagtlap häsiýetini görkezdi we duşmanyň ähli zarbalaryna çydady. Emma sekizinji raundyň başynda amerikaly türgen ýykyldy we tutluşygyň ortasynda emin ýaponiýaly türgeniň eden hüjümden soň söweşi togtatdy, Fulton zarbalaryň astynda ringiň burçunda ýere çökdi.
Inoue dördünji agram kategoriýasynda dünýä çempiony boldy. Ondan öň, 48,99 kg-a, 52,16 kg-a we 53,52 kg-a çenli kategoriýalarda guşak gazandy hem-de dünýä çempiony boldy. 30 ýaşly ýaponiýaly türgeniň hasabynda indi 25 ýeňiş bar (22 nokaut bilen), ýekeje ýeňliş hem ýok. Soňky 15 söweşde 14 nokautly we yzly-yzyna 6 ýeňiş gazandy. Inoue 2019-njy ýylda Bütindünýä boks super seriýasynda filippinli türgen Nonito Donaýri utup, ýeňiji boldy.


şu gün 09:52
1.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......