Apple çarçuwasyz iPhone öndürer

  • 25.07.2023 19:46
  • 29k+

«Apple» korporasiýasy ekran çarçuwasy bolmadyk smartfonyň taslamasyny işläp düzýär we onuň önümçiligini 2025-nji ýylda ýola goýmagy maksat edinýär diýip, lenta.ru «The Elec» koreý neşirine salgylanyp habar berýär.

Habarda bellenmegine görä, amerikan kompaniýasy OLED displeýleri bilen esasy üpjün edijiler bolan «Samsung» we «LG Display» kompaniýalaryndan öňdäki ekran panelleriniň täze görnüşlerini sargyt edipdir.
Häzirki wagtda Samsung» we «LG Display» görünýän çarçuwalary bolmadyk OLED displeýleriniň täze neslini öndürýärler. Munuň üçin ekran gyralara tarap biraz eplenýär. Emma «Apple» şeýle displeýleriň ulanylmagyna garşydygyny belledi, çünki şekiliň optiki taýdan üýtgemeginden hem-de öňdäki ekran panelleriniň işleýiş möhletiniň azalmagyndan çekinýärler. Mundan başga-da, kompaniýanyň inženerleri täze displeýiň laýyk gelmeli talaplarynyň meýilnamasyny hödürlediler.
«Apple» korporasiýasynyň ilkinji çarçuwasysyz smartfonynyň 2025-nji ýylda çykmagy mümkindir. Bu täzelik «iPhone 17 Pro» we «17 Pro Max» smartfonlarynda girizilip bilner. Şeýle hem olarda öňdäki ekran paneliniň aşagynda gizlenen «Face ID» biometriki sensoryň ulanyljakdygy bellenilýär.


09.06.2026 23:04
2.9k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....