UFC-niň Şöhrat zalynyň 55 ýaşly agzasy professional karýerasyny gaýtadan dikelder

  • 25.07.2023 19:42
  • 24k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) Şöhrat zalynyň agzasy bolan amerikaly Pet Miletiç professional karýerasyny gaýtadan dikelder diýip, Lenta.ru habar berýär.

55 ýaşly Miletiç kompaniýanyň «Caged Aggression» ýaryşynda duşuşyk geçirer. Amerikaly söweşiji 14-nji oktýabrda 38 ýaşly watandaşy Maýk Jeýson bilen güýç synanyşar.
Miletiç ýarymorta agram derejesinde «UFC-niň» ilkinji çempionydyr. Ol garşyk başa-baş söweş sungatyndaky çykyşyny 2008-nji ýylda tamamlapdy. Miletiç karýerasy boýunça 29 ýeňiş gazandy we 7 gezek asgyn geldi. Şeýle hem onuň gatnaşan iki duşuşygy deňme-deň tamamlandy.
Jeksonyň görkezen netijelerinde bolsa bir ýeňiş we iki ýeňliş bar, şeýle hem onuň bir tutluşygy geçirilmedik diýlip hasap edildi. Amerikaly söweşijiniň professional karýerasy 2016-njy ýylda başlandy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......