Samsung akylly sagady iýmitiň, suwuň we başgalaryň temperaturasyny ölçemäge mümkinçilik berer

  • 21.07.2023 18:29
  • 19k+

Samsung akylly sagatlary diňe bir endamyň däl, eýsem dürli obýektleriň temperaturasyny ölçemegi öwrenjege meňzeýär. Kompaniýa bu günki gün sagatlary üçin birnäçe täze programma, şol sanda Thermo Check programma üpjünçiligini hödürledi.

Termo Check sagat eýelerine obýektleriň temperaturasyny ölçemäge mümkinçilik berer. Mysal üçin, Samsung ulanyjylaryň iýmitiň ýa-da suwuň temperaturasyny ölçäp biljekdiklerini aýdýar.
Bu programma ilki bilen geljekki Galaxy Watch6 akylly sagatlary üçin elýeterli bolar we soňra bolsa Watch5 -de hem peýda bolar. Şol bir wagtyň özünde, dürli modeller üçin programma üpjünçiliginiň mümkinçiliklerinde tapawutlaryň boljagy-bolmajagy belli däl.
Sagadyň, aýdaly, suwuň ýa-da başga bir zadyň temperaturasyny nädip ölçäp biljekdigi düşnüksiz. Watch5-de deriniň temperaturasyny ölçeýän datçik bar. Belki-de, şonuň üsti bilen amala aşyrylar, ýöne bu sagadyň elden aýrylmalydygyny we, iň bolmanda, ulanyjynyň temperaturasyny ölçemek isleýän obýektine has ýakynlaşmalydygyny (ýa-da diremelidigini) aňladýar.


düýn 18:51
3.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....