HBS: italiýaly derwezeban Buffon ýakyn günlerde karýerasyny tamamlar

  • 20.07.2023 18:58
  • 12k+

2006-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň çempiony, italiýaly derwezeban Janluiji Buffon ýakyn günlerde karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etmegi mümkin. Bu barada sişenbe güni žurnalist Janluka di Marsio öz web sahypasynda habar berdi.

Çeşmäniň berýän habaryna görä, 45 ýaşly derwezeçi Saud Arabystanynyň birnäçe klubynyň teklibini ret etmek we futboldan gidýändigini yglan etmek isleýär.
2021-nji ýyldan bäri Buffon Italiýanyň “Parma” klubynda oýnaýar, Buffon ozal 1995-2001-nji ýyllar aralygynda “Parma” üçin oýnapdy, toparyň düzüminde Italiýanyň Kubogyny we Superkubogyny aldy, şeýle hem finaly Moskwada "Lužniki" stadionynda geçen UEFA-nyň  kubogynyň (häzirki Ýewropa ligasy) 1998/99 möwsüminde ýeňijisi boldy. 2001-2018 we 2019-2021-nji ýyllarda Buffon “Ýuwentus”-da oýnady we onuň düzüminde 10 gezek Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy, ýurduň 5 gezek Kubogyny we 6 gezek Superkubogyny utdy. “Ýuwentus” bilen bilelikde Buffon iki gezek Çempionlar ligasynyň finalynda oýnady, 2003-nji ýylda topar Italiýanyň “Milan”-yndan, 2015-nji ýylda Ispaniýanyň “Barselona”-syndan ýeňildi. 2018/19 möwsümde Buffon Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen”-inde oýnady we onuň düzüminde çempionlygy we Fransiýanyň Superkubogyny gazandy.
Buffon Italiýanyň ýygyndysynyň düzüminde 176 gezek çykyş etdi. Derwezeçi 1997-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda 1998-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama oýnunda milli ýygyndyda çykyş etdi (1:1). Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde derwezeçi 2006-njy ýylda dünýä çempiony boldy we 2012-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň kümüş medalyny gazandy.


düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....