BMG: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bary-ýogy 15% ýerine ýetirildi

  • 12.07.2023 14:07
  • 5.5k+

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin wezipeler häzirlikçe meýilleşdirilen depginde bary-ýogy 15% öňe gidýär. Bu barada BMG-nyň duşenbe güni bu maksatlara ýetmek baradaky hasabatynda aýdylýar.

Görkezilişi ýaly, görkezilen maksatlara ýetmekde ortaça ýa-da ep-esli yza galmak 48%, durgunlyk we pese gaçyş - 37%  diýlip bellendi.
Açlyga garşy göreşde aýratyn kyn ýagdaý ýüze çykdy: ýagdaýlaryň ýarysynda durgunlyk we pese gaçyş bilen bagly. Hil taýdan bilim, agyz suwy we arassaçylyk bilen baglanyşykly meselelerde ähli görkezijiler boýunça maksatlara ýetmegiň tizliginiň yza galýandygy bellendi. Ykdysady ösüş we parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini ýerine ýetirmekde-de şuňa meňzeş ýagdaý ýüze çykdy.
Hasabatda bular ýetip bolmajak maksatlar diýlip agzalmaýar, ýöne awtorlar milli hökümetleri maksatlara ýetmek üçin tagalla etmäge çagyrýarlar.


27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

15.04.2026 16:06
1.3k+

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......