Wolkanowski Rodrigesi nokautlap, UFC-niň ýarym ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady

  • 09.07.2023 18:39
  • 16k+

8-inden 9-njy iýula geçilýän gije Las Wegasda (ABŞ) UFC-290 ýaryşy geçirildi. Esasy söweşiň çäginde guramanyň ýarym ýeňil agramdaky çempiony (65 kg çenli) we pound-for-pound sanawynyň lideri awstraliýaly Aleks Wolkanowski meksikaly türgen Ýair Rodriges bilen söweşdi.

Söweş Wolkanowskiniň üçünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňşi bilen tamamlandy.
Garyşyk söweş sungatynda Wolkanowskiniň 28 tutluşygy bar. Ol 26 gezek ýeňiş gazandy (13 nokaut bilen) we iki gezek ýeňlişe sezewar boldy. Rodrigesiň hasabynda 20 söweşi bar, olarda 15 ýeňiş gazandy (bäşisi nokaut bilen). Ýair dört gezek ýeňlişe sezewar boldy we onuň gatnaşmagyndaky bir söweş hasap däl diýlip yglan edildi.
Ýaryşyň ikinji derejeli esasy söweşinde meksikaly türgen Brendon Moreno braziliýaly pälwan Aleksandr Pantoža garşy iň ýeňil agram derejesinde titulyny goramaga çykyp ýeňildi. Şeýlelik bilen, Pantoža iň ýeňil agram derejesinde guramanyň täze çempiony boldy.


22.06.2026 14:40
4.2k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....