Döwlet gullugy akademiýasy iki ýyl okuwdan soň, döwlet dolandyryşy hünäri boýunça ilkinji magistrleri çykardy

  • 09.07.2023 14:58
  • 39k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet dolandyryşy hünäri boýunça 2 ýyllap bilim alan ilkinji magistrler okuwlaryny tamamladylar. Bu barada akademiýanyň uly mugallymy Hajymyrat Pirmuhammedow «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň sahypalarynda habar berdi.

Iki ýyllyk okuw maksatnamasynyň ahyrynda, magistrler “Döwlet dolandyryşyň nazaryýeti” dersinden döwlet synagyny tabşyryp, möhüm temalar boýunça diplom işlerini goradylar.
Döwlet gullugy akademiýasynda magistr bilim derejesi boýunça okuw maksatnamasy Ýewropa Bileleşigi bilen durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” taslamasynyň çäginde inowasion usullar esasynda düzüldi.
Bu ugur boýunça magistrlik bilimini alanlaryň içinde syýasy partiýalaryň, milli parlamentiň we jemgyeýetçilik guramalarynyň wekilleri, maliýe we ykdysadyýet hem-de ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň hünärmenleri bar. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde, olar döwlet dolandyryşy, döwlet maliýe we söwda ulgamy, innowasiýa tehnologiýalary, jemgyýet dolandyryşy, adam serişdelerini ulanmak boýunça bilimleri aldylar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......