UFC-niň agyr agramda çempionlygy ugrunda Mioçiç bilen Jonsuň söweşjek senesi belli boldy

  • 08.07.2023 18:00
  • 16k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt 11-nji noýabrda promouşeniň agyr agramda çempiony, 35 ýaşly Jon Jonsyň UFC 295-de 40 ýaşly watandaşy Stipe Mioçiç bilen tutluşykda titulyny gorajakdygyny habar berdi. Söweş gijesi Nýu-Ýork şäherindäki “Medison Skwer Garden” stadionynda bolar. Bu çärede UFC promouşeniň ilkinji çäresiniň 30 ýyllygyny bellejekdigi habar berdi.

Uaýt: “Bu Jon Jonsyň isleýän söweşi we muny Stipe hem isleýär. Iki ýigit üçinem miras ugrundaky söweş" - diýdi.

Jons UFC-niň wagtynda boş galan guşagyny şu ýylyň mart aýynda Siril Gan bilen söweşde gazandy. Bu onuň agyr agramdaky ilkinji çykyşydy. Jons ozal UFC-niň ýarym agyr agramda çempionydy. Umuman alanyňda, ol karýerasynda garyşyk söweş sungatynda 29 söweş geçirdi. Jons olardan 27-sinde ýeňiş gazandy, bir gezek ýeňildi we ýene bir söweş bolsa hasap däl diýip yglan edildi.
Mioçiçiň soňky sekiz söweşi agyr agram derejesinde UFC-niň titulyna eýe bolmak ugrunda geçdi. Ol ilkinji gezek guşagy 2016-njy ýylyň maý aýynda Fabrisiu Werdumy ýeňip aldy. Soňra 2018-nji ýylyň iýulynda Daniel Kormýeden utulmazyndan öň, üç gezek çempion boldy. 2019-njy ýylyň awgust aýynda Mioçiç Kormýeden ar aldy we çempionlyk adyna eýe boldy. Amerikaly pälwan 2021-nji ýylyň 27-nji martynda Frensis Ngannudan utulmazdan ozal bir üstünlikli goranyş etdi. Bu söweş häzirki wagtda Mioçiçiň karýerasyndaky iň soňky söweşdir. Umuman alanyňda, garyşyk söweş sungatynda onuň 24 söweşi bar, şolardan 20-sinde ýeňiş gazandy we dördüsinde ýeňildi.


düýn 11:39
10k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......

09.05.2026 00:16
7.6k+

Hamzat Çimaýew – Şon Striklend urşy: haçan we nirede görmeli

2026-njy ýylyň 9-njy maýyndan 10-njy maýyna geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen 10-njy maý) ABŞ-nyň Nýuark şäherindäki «Prudenşl Sentr» arenasynda UFC 328 ýaryşy bolar. Onuň esasy wakasynda orta agram......

04.05.2026 11:23
3.3k+

UFC ilkinji gezek Serbiýada ýaryş gurnar

Absolýut söweş çempionaty (UFC) öz taryhynda ilkinji gezek Serbiýada turnir geçirer. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşlar 2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Belgrad şäherinde bolar....

02.05.2026 16:41
7.7k+

UFC-niň ýyldyzlary Arman Sarukýan bilen Toni Fergýuson RAF 10 ýaryşynda duşuşarlar

2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde geçiriljek RAF 10 ýaryşynyň çäginde UFC-niň guşagyna esasy dalaşgärleriň biri Arman Sarukýan bilen meşhur “weteran” söweşiji Toni Fergýusonyň arasynda......