Samsung-yň ikinji çärýekdäki operasion girdeji 96% azaldy

  • 08.07.2023 11:36
  • 5k+

Deslapky maglumatlara görä, Günorta Koreýanyň Samsung Electronics korporasiýasynyň umumy operasion girdejisi 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, 96 göterim azaldy. Degişli maglumatlar anna güni kompaniýanyň web sahypasynda çap edildi.

Bu maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde umumy amal girdejisi takmynan 600 milliard won (461 million dollar) boldy we 2022-nji ýylyň degişli döwründe 14,1 trillion won (10,8 milliard dollar) boldy.
Yonhap agentligi, häzirki çärýekdäki görkezijiniň 2009-njy ýylyň birinji çärýeginden bäri kompaniýa üçin iň erbetdi bolandygyny belleýär. Şol döwürde amal girdejisi 590 milliard won boldy. Samsung Electronics aýyň ahyrynda çärýek üçin soňky we has jikme-jik maglumatlary çykarar.
Agentlik amal girdejisiniň azalmagyna sebäp bolan faktorlaryň biri hökmünde çiplere bolan islegiň azalmagyny we olaryň aşa köp öndürilmegini görkezýär. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, Samsung Electronics-iň çip öndürmek bölümi 3-4 trillion won (2,2-3 milliard dollar) ýitgi çekdi. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde bölümiň çykdajylary girdejilerinden ýokarydy.


düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......