Peugeot täze nesliň elektrik welosipedlerini hödürledi

  • 07.07.2023 10:08
  • 18k+

Peugeot kompaniýasynyň bölümi bolan Peugeot Cycles 2023-nji ýylyň ahyrynda we 2024-nji ýylyň başynda bazara çykjak elektrikli welosipedleriň täze neslini hödürledi. Täze modelleriň üçlügine nusgawy şäher modeli, maşgala üçin Longtail we Bi-Carrier ýük welosipedleri girýär.

Şäherde ulanmak üçin niýetlenen Digital e-Bike bir adama niýetlenendir. Digital e-Longtail welosipediniň her gapdalynda aýak goýulýan ýeri bolan 2 çaga oturgyjy we eltutar hökmünde demir çarçuwasy bar. Digital e-Front Load ýük welosipedi bolup, ol maşgalada ulanylmaga-da amatlydyr, sebäbi öňünde 3 çaga çenli oturdyp bolýar diýip, döredijiler tassyklaýarlar.


Elektrikli welosipedler adaptasiýa elektrik kömegini, ogurlyga garşy ulgamy, duýduryşlary, welosipediň ýerleşişini, hakyky wagtdaky nawigasiýany, baryljak ýerdäki howa maglumatyny we ugruň statistikasyny öz içine alýan ýörite smartfon goşundysy arkaly täze funksiýalary alar.
Peugeot-yň habaryna görä, Ýewropada elektrikli welosipedleriň satuwy geçen ýyl rekord derejede 5,5 million birlige ýetdi. Köne yklymda satylýan dört täze welosipediň biri elektriklidir.

şu gün 10:51
634

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......