Virgin Galactic ilkinji täjirçilik uçuşyny amala aşyrdy

  • 02.07.2023 16:58
  • 9.9k+

Milliarder Riçard Brensona degişli bolan Virgin Galactic kompaniýasynyň VSS Unity kosmoplany özüniň ilkinji täjirçilik uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Bu barada BBC habar berýär.

Eve uçar göterijisi raketoplan bilen bilelikde Nýu-Meksiko amerikan ştatyndaky kosmoportdan penşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 08:30-da uçdy we takmynan, bir sagatdan uçuşdan soň 13600 metr belentlikde raketoplan uçardan aýrylyp, öz hereketlendirijilerini işletdi we 85 km belentlige ýetip, kosmosyň serhedine çykdy.
Umuman alanyňda, tutuş uçuş bir ýarym sagat töweregi dowam etdi, bortda Virgin Galactic-iň iki uçarmanyndan we astronawt-instruktoryndan başga-da, üç italiýaly ofiser-uçarman bardy. Olar agramsyzlyk ýagdaýynda birnäçe ylmy tejribeleri geçirdiler.
Indi Riçard Brenson öňünden 250 – 450 müň dollara petek satyn alanlary kem-kemden uçuşa ibermegi meýilleşdirýär. Şeýle adamlaryň sany 800-e golaý. Olaryň käbirleri kosmosyň gyrasyna baryp görmek üçin öz nobatlaryna on ýyldanam köp wagt garaşýarlar. Munuň sebäbi Unity gämisiniň borta bary-ýogy birnäçe adamy alyp bilýändigi, uçuşlary bolsa häzirlikçe aýda bir gezek amala aşyrmagyň meýilleşdirilýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Penşenbe güni geçirilen missiýa Galactic 01 adyny aldy. Ikinji uçuş, Galactic 02 awgust aýyna meýilleşdirilýär. Oňa öňünden petek satyn alan birnäçe ýolagçy iberiler.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....