UEFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna Ýewropanyň ýygyndylaryny saýlamagyň täze formatyny teklip etdi

  • 01.07.2023 14:03
  • 8.8k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna Ýewropanyň milli toparlaryny saýlamagyň täze formatyny işläp düzdi.

Report agentliginiň habar bermegine görä, UEFA saýlama ýaryşyny toparlaýyn tapgyra (2025-nji ýylyň mart-noýabr aýlary) we pleý-offa (2026-njy ýylyň mart aýy) bölmegi teklip edýär.
Birinji tapgyryň dowamynda ýygyndylar her biri dört ýa-da bäş topardan ybarat 12 toparça bölner. Kwartetleriň ýeňijileri dünýä çempionatyna göni ýollama alarlar.
Ikinji orunlary eýelän ýygyndylar pleý-offa çykarlar. Şeýle-de, bu tapgyrda dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynda birinji ýa-da ikinji setiri eýeläp bilmedik, 2024/2025-möwsüminiň Milletler ligasynyň toparlarynyň dört ýeňijisi oýnar. Toparlar dört toparça bölner. Soňra toparlar bir oýunlyk ýarym finallary we bir oýunlyk finallary geçirerler.
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşa jemi 48 topar gatnaşar.


düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....