Golliwudyň aktýory Raýan Reýnolds “Formula-1” toparynyň paýnamalaryny satyn aldy

  • 28.06.2023 16:40
  • 9.7k+

Golliwudyň aktýorlary Raýan Reýnolds we Rob Makelhenni “Formula-1-iň” “Alpine Racing” toparynyň paýnamalarynyň 24%-ine eýeçilik edýän maýadarlar toparyna girdi. Bu barada “Alpine-iň” baş kompaniýasy Renault-yň metbugat gullugy habar berýär diýip, sportrbc.ru belleýär.

Golliwud aktýorlary maýadarlaryň toparyna Otro Capital we RedBird Capital Partners bilen girdi. Şertnamanyň bahasy 200 mln ýewro boldy. “Alpine” şu ýyl “Formula-1” konstruktorlarynyň çempionatynda bäşinji orny eýeleýär.
RedBird amerikan maýa goýum kompaniýasy Angliýanyň premýer-ligasynyň “Liwerpul” klubunyň we “Boston Red Soks” beýsbol toparynyň eýesi bolan Fenway Sports Group-yň maýadarydyr. RedBird 2022-nji ýylyň awgust aýynda 1,2 mlrd ýewro Italiýanyň iň köp titula eýe bolan toparlarynyň biri bolan “Milany” satyn aldy. Mundan başga-da, ol “Tuluza” fransuz toparynyň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyna eýeçilik edýär.
Reýnolds – kanadaly aktýor we kinoprodýuser. Ol, esasan, Marvel komiksleri esasynda surata düşürilen filmlerde Dedpuluň keşbi bilen bellidir.
Robert Makelhenni – amerikaly aktýor, prodýuser, ssenariýaçy we režissýor. Ol taryhda iň dowamly komediýa teleserialy bolan “Filadelfiýada elmydama güneşli” filminde Makyň keşbi bilen meşhurdyr.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....