“Real” Luka Modriç bilen şertnamany uzaltdy

  • 27.06.2023 12:20
  • 9.8k+

Horwatiýaly ýarym goragçy Luka Modriç “Real” bilen şertnamany bir möwsüm uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada Madridiň klubunyň saýtyna salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär.

Modriç “Realda” 2012-nji ýyldan bäri çykyş edýär, klub üçin 448 oýna gatnaşyp, 23 titula eýe boldy, şol sanda bäş gezekden Çempionlar ligasynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda, dört gezek UEFA-nyň Super kubogynda, üç gezek Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.
2018-nji ýylda Modriç dünýäniň iň gowy futbolçysy hökmünde “Altyn top” baýragyny aldy.
Geçen möwsüm Modriç “Real” üçin 52 oýunda alty gol geçirdi.
Horwatiýanyň milli ýygyndysynda Modriç karýerasynyň dowamynda 166 oýna gatnaşyp, 24 gol geçirdi, 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň kümüş we Katarda geçirilen dünýä birinjiliginiň bürünç baýragyna, şeýle-de Milletler ligasynyň kümüş baýragyna (2023) eýe boldy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....