Ngolo Kante Benzemanyň ýanyna «Al-Ittihad» klubuna geçdi

  • 21.06.2023 11:05
  • 12k+

2018-nji ýylda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony bolan Ngolo Kante Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» klubuna geçdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.

Ýarym goragçy täze topara erkin agent görnüşinde geçdi, çünki onuň «Çelsi» bilen şertnamasy şu möwsümiň ahyrynda tamamlanypdy. Žurnalist Fabrisio Romanonyň habar bermegine görä, Kanteniň täze klub bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli niýetlenen. Möwsüm üçin haky 25 mln ýewro.
6-njy iýunda «Al-Ittihad» 2022-nji ýylda «Altyn topuň» eýesi we Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Karim Benzema bilen şertnama baglaşypdy. Benzemanyň ylalaşygy 2026-njy ýyla çenli niýetlenen.
«Al-Ittihad» geçen möwsümde Saud Arabystanynyň çempiony boldy.


düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....