Türkiye 2023-nji ýylda daşary ýurtly syýahatçylaryň hasabyna 56 mlrd dollar gazanmagy meýilleşdirýär

  • 19.06.2023 15:53
  • 16k+

Türkiýe şu ýyl takmynan 60 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul etmegi meýilleşdirýär, bu ugurdan gelýän girdeji takmynan 56 milliard dollar bolar diýip, Respublikanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Ersoý şenbe güni aýtdy.

"Şu ýyl 60 million myhmany kabul edip, 56 milliard dollar girdeji gazanarys diýip garaşýarys" – diýip, TRT teleýaýlymy ministriň sözlerini getirýär.

Ministriň sözlerine görä, geçen ýyl Türkiýä 51,5 million syýahatçy gelipdir, pudagyň girdejisi 46 milliard dollar bolupdyr. Ministr 2022-nji ýylda bu iki görkeziji boýunça ýurduň dünýäde üçünji orunda durandygyny belledi.
Ersoýyň pikiriçe, 2028-nji ýylda Türkiýe 90 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul etmegi we olara hyzmat etmek arkaly 100 milliard dollar girdeji almagy meýilleşdirýär.


05.06.2026 21:38
6.5k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......