Taýson Fýuri UFC-niň iň gowy söweşijisi bilen söweşmek teklibini aldy

  • 18.06.2023 14:56
  • 17k+

Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasyna görä, super agyr agramda dünýä çempiony Taýson Fýuri UFC-niň çempiony Jon Jons bilen söweşmek teklibini alandygyny aýtdy. Muny sportrbc.ru ýetirýär.

“Häzir Jon Jons bilen gibrid söweşini geçirjekdigimiz barada gepleşikler alnyp barylýar. Düýn men UFC-den teklip kabul etdim, hiç haçan nämäniň boljakdygyny bilmeýärsiň. Meniň geljegim ýagty, köp sanly mümkinçilikler bar” – diýip, Yahoo! Sports Fýuriniň sözlerini getirýär.

34 ýaşly britaniýalynyň hasabynda professional ringde geçirilen 34 söweşde 33 ýeňiş we 2018-nji ýylda amerikaly Deonteý Uaýlder bilen bolan söweşde bir deňme-deňlik bar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......