Urugwaýyň ýygyndysy Italiýany ýeňip, ýaşlaryň dünýä çempionatynda ýeňiji boldy

  • 15.06.2023 15:00
  • 11k+

20 ýaşa çenli futbolçylaryň Dünýä çempionatynyň finalynda Urugwaý bilen Italiýa duşuşdy. Günorta Amerikanyň ýygyndysy garşydaşyny — 1:0 hasabynda ýeňdi.

Iki topar hem uzak wagtlap gol salyp bilmedi. Birinji ýarymdan soň hasap deňme-deň boldy — 0: 0.
Netijede, urugwaýlylara ahyryn garşydaşyny ýeňmek başartdy: 86-njy minutda Latyn Amerikasynyň toparynyň hüjümçisi Lýusiano Rodriges ýeňiş getiren goly öz hasabyna ýazdy.
Urugwaýyň milli ýygyndysy üçin bu ýaryşdaky ilkinji ýeňiş. Ondan öň Günorta Amerikanyň topary finalda iki gezek – 1997-nji we 2013-nji ýyllarda utulypdy.
Ýarym finalda Urugwaý Ysraýyly 1:0, Italiýa Günorta Koreýany 2:1 hasabynda ýeňdi. Üçünji ýer ugrundaky oýunda Günorta Koreýanyň toparyny 3: 1 hasabynda ýeňen Ysraýyl topary has güýçli bolup çykdy.


düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....