Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylym bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

  • 12.06.2023 20:11
  • 11k+

Şu gün, 12-nji iýunda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ylmy bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan gurnaldy. Her ýyl geçirilýän bu bäsleşik ýurdumyzda ylmyň ösmegine, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine we iň talap edilýän ugurlarda gözleg işleriniň höweslendirilmegine gönükdirilendir. 

Bu ýyl bäsleşige 1362 adam gatnaşdy, şol sanda 487 okuwçy we 875 ýaş alym öz ylmy işlerini hödürledi.
Dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ylmy-gözleg hereketiniň 67 sany ýaş wekiline sowgatlar gowşuryldy.
Çäräniň dowamynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti guraldy.


düýn 02:25
4.1k+

Türkmen himikleri ekologiýa taýdan has arassa sement öndürmegiň usulyny tapdylar

Türkmen alymlary taýýar materialyň hilini ýitirmezden, çig malyň we ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik berýän, mineral goşundylaryň paýy ýokarlandyrylan portlandsement öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler...

03.02.2026 16:28
1.9k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy iýunda geçiriljek halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy alymlary we hünärmenleri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Forum 2026-njy ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabatda geçiriler we Ylymlar gününe bagyşlanar...

03.02.2026 14:50
5.5k+

ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi oba mekdeplerinde gün energiýasyny ornaşdyrýar

«Ýaşyl mekdep» bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi Nurly zaman obasyndaky 33-nji mekdepde ätiýaçlyk gün fotoelektrik ulgamyny gurnamak işlerini tamamlady. Umumy kuwwaty...

20.01.2026 11:59
1.5k+

Dohanyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistana geler

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ilçi Türkmenistanda...